Russiýa: "Talibanyň hüjümleri azalmaga başlady" diýdi

Russiýa Talibanyň Owganystandaky uly şäherleri basyp almak üçin ýeterlik derejede serişdä eýe däldigini, Talibanyň hüjümleriniň ýuwaş-ýuwaş azalmaga başlandygyny habar berdi

1686507
Russiýa: "Talibanyň hüjümleri azalmaga başlady" diýdi

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Maglumatlar we metbugat bölüminiň başlygynyň orunbasary Aleksandr Bikantow, paýtagt Moskwa şäherinde geçiren metbugat ýygnagynda Owganystan meselesiniň üstünde durup geçdi. 

Owganystandaky ýagdaýyň erbetleşendigini aýdan Bikantow, ABŞ-na we NATO degişli harby toparlaryň ýurtdan çekilmek tapgyrynyň haýaldygy sebäplidigini beýan etdi. 

Bikantow: "Netijede Taliban ýurtdaky hüjümlerini örän artdyrdy. Taliban şu tomus aýlarynda guran hüjümleriniň netijesinde 80-100 aralygynda etraby öz gözegçiligine geçirdi" diýip habar berdi. 

Beýleki tarapdan Talibanyň Owganystandaky uly şäherleri basyp almak üçin ýeterlik derejede serişdä eýe däldigine ünsleri çeken Bikantow: "Taliban paýtagt Kabul bilen birlikde ýurdyň uly şäherlerini basyp almak üçin ýeterlik derejede serişdä eýe däl. Talibanyň hüjümleri ýuwaş-ýuwaş azalmaga başlady" diýip mälim etdi. 

Bikantow, Owganystanyň hökümetine degişli güýçleriň Taliban bilen bolan çaknyşyklarda elinden aldyran käbir etraplary yzyna alandygyny aýan etdi. 


Etiketkalar: #Russiýa , #Owganystan , #Taliban

Degişli Habarlar