BMG Owganystanda “Yslam Emirliginiň” Gurulmagyny Goldamaýar

BMG Owganystanda “Yslam Emirliginiň” gurulmagyny goldamaýandygyny beýan etdi

1685380
BMG Owganystanda “Yslam Emirliginiň” Gurulmagyny Goldamaýar

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinden berilen bilelikdäki beýannamada, owgan howpsuzlyk güýçleriniň ýogalmagyna sebäp bolan Owganystanyň Hyrat şäherinde ýerleşýän BMG-niň wekilhanasyna guralan hüjüm berk ýazgaryldy.

Owganystanda çaknyşyklaryň we adam hukuklarynyň basgylanmagynyň artmagyna alada bildiren BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi, ýurtdaky ähli terror wakalaryny hem-de asuda ilata edilýän bilkastlaýyn hüjümleri hem ýazgardy.

Asuda ilata, BMG-niň işgärlerine we BMG-niň wekilhanasyna guralan bilkastlaýyn hüjümleriň “harby jenaýat” bolup biljekdigine ünsi çeken Geňeş, Owganystanyň hökümetine we Talibana giň gerimli hem-de owganlaryň liderliginde syýasy çözgüt hem-de ylalaşyk üçin çagyryş etdi.

Çykgynsyzlyga harby çözgüdiň tapylmajakdygyna üns çekikýän beýannamada, BMG-niň Talibana “Yslam Emirliginiň” gaýtadan dikeldilmegini goldamaýandygy nygtaldy.



Degişli Habarlar