Owganystandaky hüjümler dowam edýär

Gani Talibanyň parahatçylyk üçin hiç bir ygtyýarynyň bolmandygyny belledi

1683783
Owganystandaky hüjümler dowam edýär

Owganystanyň günortasyndaky Kandagar welaýatynda Talibanly başbozarlar tarapyndan atylan minomýot okunyň ýolda barýan taksi ulagyna degmegi netijesinde asuda ilatdan 5 adam ýogaldy. 

Kandagaryň Içeri işler müdürliginiň metbugat sekretary Jemal Nasyr Barikzeý Talibanly başbozarlar tarapyndan atylan minomýot okunyň, Kandagaryň merkezinde barýan taksi ulagyna degendigini mälim etdi. 

Barikzeý hüjümde aralarynda çagalaryň hem bolan asuda ilatdan jemi 5 adamyň ýogalandygyny habar berdi. Taliban tarapyndan waka bilen bagly entek beýanat berilmedi. 

Beýleki tarapdan Talibanly başbozarlaryň Kandagar, Hyrat, Tahar, Helmand, Jüzjan, Farýab we Kunduz ýaly uly şäherlere hüjümleri dowam edýär. 

Anadoly habarlar gullugynyň ýerli çeşmelere esaslanyp berýän habaryna görä Taliban ýurtdaky 407 etrabyň 150-den gowragyny merkezleri bilen birlikde öz gözegçiligine geçirdi. 

Ýurtda 34 welaýat merkezi bolsa hökümet güýçleriniň gözegçiligi astynda. 

Beýleki tarapdan Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani, ýurdyň paýtagty Kabul şäherinde geçiren Ministrler kabinetiniň mejlisinde, ýurtda söweş ýagdaýy üýtgemedigi saýyn Talibanyň hökümet bilen çynlakaý we manyly dialog geçirmäge taýar bolmajakdygyny beýan etdi.

Gani Talibanyň parahatçylyk üçin hiç bir ygtyýarynyň bolmandygyny belledi. 


Etiketkalar: #Kabul , #Taliban , #Owganystan

Degişli Habarlar