Fransiýada Kowid-19 sanjymyna garşy protest geçirildi

Fransiýada koronawirus sanjymynyň käbir pudaklarda işleýän adamlara mejbur ýagdaýa getirilmegine garşy bolan müňlerçe adam protest geçirdi

1679736
Fransiýada Kowid-19 sanjymyna garşy protest geçirildi

Ýurdyň paýtagty Pariž şäheri başda bolmak bilen ülkäniň 174 aýry nokadynda geçirilen protestlere resmi görkezijilere görä azyndan 164 müň adam gatnaşdy. 

Pariž şäheriniň 3 aýry nokadynda protestler geçirilen bolsa, Sary ýeňsizliler toparynyň hem gatnaşan Bastiliýa meýdançasynda başlan protestlerde müňlerçe adam "Makron seniň kartyňy islemeýäris", "Makron wezipäňden çekil" diýip şygarlar aýdyldy. 

Polisiýa işgärleri we Žandarma güýçleri wagtal-wagtal demonstrantlara garşy gözüňi ýaşardýan gaz we ýokary basynçly suw ulandy, taraplaryň arasynda dartgynlyk başdan geçirildi. 

Polisiýa işgärleri metbugat işgärleriniň hem bolan ýere ýokary basynçly suw ulandy. 

Içeri işler ministri Žerar Darmanin Pariž şäherindäki protestlerde 9 adamyň göz tussaglygyna alynandygyny mälim etdi. 

Milli mejlis tarapyndan tassyklanan, Senatda bolsa häzirki wagtda hem jedelleşilýän Kowid-19 epidemiýasyna garşy göreş kanun taslamasy, hassahanada we garrylar öýlerinde işleýän adamlara sanjymy mejbur ýagdaýa getirýär, Kowid-19 saglyk kart gollanmasy, kafeler, restoranlar, köpçülikleýin transport serişdeleri, 50-den köp adamyň üýşýän ähli ýapyk ýerler bilen şüweleň ýerlerine görkezmek mejbur ýagdaýa getirildi. 



Degişli Habarlar