Hytaýdaky sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Hytaýyň merkezindäki Henan welaýatynda aşa köp ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatynda azyndan 12 adam ýogaldy

1678200
Hytaýdaky sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Hytaýyň döwlet habarlar agentligi Şinhua tarapyndan berilen habarlara görä, Henan welaýatynyň Zhengzhou şäherinde düýn aşa ýagan ýagyşlar sebäpli sil apaty emele geldi. 

Gözleg we halas ediş toparlar, häzirki wagta çenli 12 adamyň jesedini tapdy, 100 müňden gowrak adam bolsa howpsuz ýere göçürildi. 

Zhengzhou şäheriniň ýerli dolanşygyndan berilen ýazmaça beýanatda, siliň gözegçilik ýagdaýynyň kyndygy bellenip, tebigy apatyň derejesiniň ýokarydygy beýan edildi. 

Henan welaýatynda 17-nji iýuldan bäri arakesmeler bilen ýagýan ýagyşlar, sil apatynyň döremegine sebäp bolýar. 

Welaýatyň paýtagty Zhengzhou şäherindäki metro torunyň suwyň aşagynda galmagy bilen köp sanda ýolagçy kyn ýagdaýda galypdy. 


Etiketkalar: #sil apaty , #Hytaý

Degişli Habarlar