Owgan Wekiliýeti Taliban Bilen Gepleşikleriň Ýaňadandan Başlamagy Üçin Doha Gitdi

Ýurtda dartgynlygyň möwjeýändigini ýatladan Abdullah, gepleşikleriň gysga wagtda başlamagynyň möhümdigini nygtady.

1676652
Owgan Wekiliýeti Taliban Bilen Gepleşikleriň Ýaňadandan Başlamagy Üçin Doha Gitdi

Owganystanyň Ýokary Milli ylalaşyk geňeşiniň başlygy Abdullah Abdullahyň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli resmi wekiliýet, Taliban bilen gepleşikleriň ýaňadandan başlamagy üçin Kataryň paýtagty Doha gitdi.

Wekiliýetiň adyndan beýannama beren Abdullah, Taliban bilen gepleşikleriň ýaňadandan başlamagyny umyt edýändiklerini belledi.

Ýurtda dartgynlygyň möwjeýändigini ýatladan Abdullah, gepleşikleriň gysga wagtda başlamagynyň möhümdigini nygtady.

Ýokary derejeli owgan wekiliýeinde ýurduň ozalky prezidenti Hamid Kerzeý, Döwlet minitri Saýed Saadat Nadiri, prezidentiň ozalky orunbasary Kerim Halili, Jümbüş partiýasynyň başlygy Batur Dostum we Balhyň ozalky häkimi Ata Muhammed Nur ýer alýar.

ABŞ bilen Talibanyň arasynda parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagyndan soň 2020-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda owganara gepleşikler Kataryň paýtagty Dohada başlapdy.

Ylalaşyk gazanylyp bilinmändigi sebäpli gepleşikler 2021-nji ýylyň fewral aýynda bes edilipdi.

Şol günden bäri owgan howpsyzlyk güýçleri bilen Talibanyň arasynda güýçli çaknyşyklar bolýar.

Anadoly habarlar gullugynyň ýerli ýolbaşçylara esaslanýan habaryna görä, Taliban 407 etrabyň 160-a gözegçilik edýär.



Degişli Habarlar