Pakistanda bolan partlamada 10 adam ýogaldy

Partlama bilen baglanşykly derňew işi başladyldy

1675004
Pakistanda bolan partlamada 10 adam ýogaldy

Pakistanyň Haýber-Pahtunhwa welaýatynda bir awtobusyň golaýynda bolan partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 2-si esger, 4-i daşary ýurdyň raýaty jemi 10 adam ýogaldy.  

Ýerli metbugatda berilen habara görä, Haýber-Pahtunhwa welaýatynyň Ýokary Kohistan sebitinde gurluşygy entek dowam edýän Dasu suw howdanynyň işgärlerini daşaýan awtobusyň golaýynda partlama boldy. 

Partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 2-si esger, 4-i daşary ýurdyň raýaty jemi 10 adam ýogaldy, 39 adam bolsa ýaralandy. 

Wakada ýogalan daşary ýurtly raýatlaryň suw howdanynyň gurluşygynda iş alyp barýan Hytaýyň raýatlarydygy mälim edildi. 

Partlama bilen baglanşykly derňew işi başladyldy. 



Degişli Habarlar