Kanada Tokaý Ýangynlaryna Garşy Göreşýär

297 ýerde başlan tokaý ýangynlary gözegçilik astyna alnyp bilinmedi.

1673718
Kanada Tokaý Ýangynlaryna Garşy Göreşýär

Kanadanyň günbatarynda aşa yssy howa tolkuny sebäpli 297 ýerde başlan tokaý ýangynlary gözegçilik astyna alnyp bilinmedi.

Tokaý ýangynlaryna garşy göreş gullugynyň görkezijilerine görä, ýangynlaryň 84-i soňky 48 sagatda başlady.

Ýolbaşçylar, tokaý ýangynlary sebäpli ýaşaýyş ýerlerine uly howpyň abanýandygy barada duýduryş berdi.

Ýangyn söndüriş işlerine 1100 ýangyn söndüriji gatnaşýar.

Halk hem ýangyn söndüriş işlerine meýletin ýagdaýda kömek berýär.


Etiketkalar: #ýangyn , #tokaý , #Kanada

Degişli Habarlar