Baýden Owganystandaky Harby Missiýalarynyň 31-nji Awgustda Gutarýandygyny Aýtdy

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden ýurdunyň Owganystandaky harby missiýasynyň 31-nji awgustda gutarjakdygyny beýan etdi

1672513
Baýden Owganystandaky Harby Missiýalarynyň 31-nji Awgustda Gutarýandygyny Aýtdy

Baýden ABŞ-nyň Owganystandan çekiliş tapgyry boýunça geçiren metbugat ýygnagynda ýurdunyň Owganystany halk döretmek üçin basyp almandygyny öňe sürdi.

Owganystana 11-nji sentýabr hüjümleriniň jogapkärleri we Usame Bin Ladin üçin barylandygyny öňe süren Baýden; “Owganystandaky işimiz 31-nji awgustda gutarar. Tarliban harby taýdan 2001-nji ýyldan bäri iň güýçli pozisiýa eýe. Biz ol ýerde galan bolsadyk ýitgimiz has köp bolardy” diýdi.

Owganystandan çekilmek hakyndaky kararynyň ýerliklidigini we 20 ýyldan gowrak dowam eden gabawdan soň Owganystanda artykmaç galmagyň netijesiz boljakdygyny beýan eden Baýden; “Siz ýene-de näçe amerikaly gyzlary we ýigitleri howpa itmäge razy. Ol ýerde ýene näçe wagt galmaklaryny isleýäňiz? Onsuz hem 20 ýyl ozal ene-atasy Owganystanda söweşen esgerlerimiz bar ol ýerde. Olaryň çagalaryny we agtyklarynam ugradalyňmy? Öz ogluňyzy ýa-da gyzyňyzy ugradarmydyňyz? 20 ýyl soň Owgtan milli howpsuzlyk we goranyş güýçlerine tälim bermek üçin edilen bir trillion dollar, öldürilen 2,448 amerikaly, ýaralanan 20,722 esger we huşuny ýitirip, öýüne dolanan müňlerçe esgerden soň täze nesli ýerlikli netije bolmasa Owganystana ugratmaryn” diýdi.



Degişli Habarlar