ABŞ-nyň Florida ştatynda çöken bina sebäpli ýogalanlaryň sany 54 adama ýetdi

Heläkçilikde ýogalan adamlar jaýlanmaga başlandy

1671944
ABŞ-nyň Florida ştatynda çöken bina sebäpli ýogalanlaryň sany 54 adama ýetdi

ABŞ-nyň Florida ştatynyň Maýami şäherinde 24-nji iýunda pajyga başdan geçirildi. Bir bölegi çöken 13 gatly bina onlarça adamyň ýogalmagyna sebäp boldy. 

Ýumrulan binanyň harabalyklarynyň aşagyndan ýene-de 8 adamyň jesedi çykaryldy. Şeýlelik bilen jemi ýogalanlaryň sany 54 adama ýetdi. 

Emma harabalyklaryň aşagyndadygy çak edilýän takmynan 100 adam bolsa entegem tapylanok.  

Resmiler tarapyndan berilen beýanatlar bolsa maşgalalary gam-gussa bogdy. Resmiler: "Harabalyklaryň aşagynda galan adamlaryň diridikleri barada umydymyz ýok" diýip bellediler. 

Gözleg we halas ediş işleriniň ýerine indi arassaçylyk işleri geçirilýär. 

Heläkçilikde ýogalan adamlar jaýlanmaga başlandy. 

4 adamdan ybarat bolan Guara maşgalasy üçin jynaza çäresi geçirildi. 

52 ýaşyndaky Markus, 42 ýaşyndaky Ana we olaryň gyzlary bolan 10 ýaşyndaky Lusia we 4 ýaşyndaky Emma üçin jynaza çäresi geçirildi. 


Etiketkalar: #bina , #ABŞ , #Maýami , #Florida ştaty

Degişli Habarlar