Yrakda Harby Baza Raketa Hüjümi Guraldy

Aýn Al Asad harby bazasyna raketa hüjümi guraldy.

1670429
Yrakda Harby Baza Raketa Hüjümi Guraldy

 

Yrakda ABŞ-nyň esgerleriniň bolýan Aýn Al Asad harby bazasyna raketa hüjümi guraldy.

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky DAIŞ-e garşy hyzmatdaşlygyň metbugat geňeşçisi Waýne Marotto sosial mediadan beren habarnamasynda “Ýerli wagty bilen 14.45-de Aýn Al Asad harby bazasyna 3 raketa atyldy. Raketa hüjümi sebäpli hiç hili ýitgi çekilmedi” diýdi.

Marotto hüjümin kimler tarapyndan guralandygy hakynda bolsa maglumat bermedi.


Etiketkalar: #esger , #raketa hüjümi , #Yrak

Degişli Habarlar