Wengriýa Bosniýa 200 Müň Doza Sanjym Kömegini Berdi

Wengriýanyň Daşary işler we daşary söwda ministri Piter Sižýarto 200 müň doza “Sinopharm” sanjymyny Bosniýa-Gersegowiýanyň resmilerine gowşurdy

1670018
Wengriýa Bosniýa 200 Müň Doza Sanjym Kömegini Berdi

Paýtagt Saraýewodaky HAlkara Saraýewo howa menzilinde beýannama beren Sziýarto Bosniýa-Gersegowina iň ýokary mukdarda sanjym kömegini berendikleri üçin buýsanýandyklaryny beýan etdi.

Wengriýanyň we günbatar ýurtlarynyň birek-birege baglydygyna ünsi çeken Sziýarto; “Günbatar Balkanlarda şertler kadaly bolsa, Wengriýada-da kadalydyr, emma kadasyzlyk ýüze çyksa Wengriýada-da kadasyzlyk emele geler. Şol çäkde esasanda pandemiýa garşy göreşde sebite hoşallyk bilen kömek berýaris” diýdi.

Sziýarto Bosniýa-Gersegowina 200 müň doza “Sinopharm” sanjymyny gowşurandyklaryny aýtdy.

Sanjymy kabul edip alan Bosniýa-Gersegowinanyň Ministrler geňeşiniň Başlygy Zoran Tegeltiýa bolsa bir gezekde iň ýokary mukdardaky sanjym kömegini şu gün Wengriýadan alandyklaryny beýan edip: “Bosniýa-Gersegowina şu günki güne çenli 928 müň doza sanjym geldi. Olar howply toparlaryň sanjymlanmagy üçin ýeterlikdi. İýul aýynyň ahyryna çenli 1,128 000 doza sanjymyň gelmegine garaşýarys” diýdi.



Degişli Habarlar