Gaitide uçaryň ýere gaçmagy netijesinde 6 adam ýogaldy

Uçaryň içindäki 6 adamyň ählisi heläkçilikde ýogaldy

1669493
Gaitide uçaryň ýere gaçmagy netijesinde 6 adam ýogaldy

Gaitiniň paýtagty Port-o-Prens şäheriniň günorta-günbatarynda bir uçaryň ýere gaçmagy netijesinde 6 adam ýogaldy. 

Ýurdyň metbugatyna görä düýn agşam Port-o-Prens şäherindäki howa menzilinden günorta tarapdaky kenarýaka şäheri Žakmele gitmek üçin ýola çykan bir uçar ýere gaçdy. 

Uçaryň içindäki 6 adamyň ählisi heläkçilikde ýogaldy. 

Uçaryň näme sebäpli gaçandygy entek anyklanmady, waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy. 


Etiketkalar: #Gaiti , #heläkçilik , #uçar

Degişli Habarlar