Filippinlerde harby uçaryň ýere gaçmagy netijesinde ýogalan adamlaryň sany artdy

Filippinleriň günortasynda harby uçaryň ýere gaçmagy netijesinde ýogalanlaryň sany 29 adama ýetdi

1669533
Filippinlerde harby uçaryň ýere gaçmagy netijesinde ýogalan adamlaryň sany artdy

Filippinleriň Goranmak ministrligi içinde azyndan 85 adam bolan C-130 kysymly harby uçaryň Sulu welaýatynyň Žolo adasyna gonjak mahaly golaýdaky Patikul şäherçesine degişli Bangkal obasyna geçandygyny habar berdi. 

Wakada häzirki wagta çenli azyndan 29 adamyň ýogalandygy, 50 adamyň bolsa hassahanada bejergi astyna alynandygy mälim edildi. 

Filippinleriň Goranmak ministri Delfin Lorenzana uçaryň içindäkileriň 3-siniň uçarman, 5-siniň ekipaž, galan böleginiň bolsa harbylardan ybarat bolandygyny aýan etdi. 

Ýurdyň Baş ştabynyň başlygy general Sirilito Sobežana beren beýanatynda: "Gözleg we halas ediş toparlar, beýleki adamlary halas etmek üçin wakanyň bolan ýerinde işlerini dowam etdirýärler" diýip habar berdi. 

Uçaryň harby mekdepden uçurym bolan adamlary täze wezipe ýerlerine alyp gitmek üçin üçin ýola çykandygy beýan edildi. 


Etiketkalar: #harby uçar , #Filippinler

Degişli Habarlar