ÝB-niň Sanjym Şahadatnamasy Güýje Girdi

ÝB-niň kornawirus pandemiýasynda syýahat etmegi ýeňilleşdirmek üçin taýarlan “sanjym şahadatnamasy” düzgünnamasy şu gün güýje girdi

1667983
ÝB-niň Sanjym Şahadatnamasy Güýje Girdi

ÝB-niň çäžlerindäki syýahatlarda ulanyljak sanjym şahadatnamasy resmi taýdan iş ýüzüne geçdi.

Mundan beýläk ÝB-ne agza ýurtlarda howa ýollary bilen syýahat edýänler uçara münmezden ozal şahadatnama görkezmeli bolar.

Tölegsiz bolan “ÝB Digital Kovid Şahadatnamasy” kagyz ýa-da gidital görnüşde ulanylýar.

Diskriminasiýanyň öňüni almak üçin sanjym etdirmedik adamlara hem şahadatnama berilýär.

Sanjym şahadatnamasynda adamlaryň Kowid-19 sanjymyny etdirip etdirmändigi, etdiren bolsa nirede we haýsy sanjymy etdirendigini, hassalananlaryň sagalandygyny görkezýän resminama we negatiw test netijesini görkezýän maglumatlar görkezilýär.

Kowid-19 testleriniň PCR görnüşleri, syýahat etmezden 72 sagat öň etdirilip, şahadatnama goşulyp bilinýär.

Şahadatnama bilen ÝB tarapyndan tassyklanan Kowid-19 sanjymlaryndan Pfizer, Moderna, AstraZenaca we Jonson&Jonson etdiren we soňky dozasyndan 2 hepde geçen adamlara syýahatlardaky goşmaça test ýa-da karantin çäklendirmeleri goýulmaýar.

Şahadatnama ÝB-niň raýatlaryna haýsy ýurduň raýatydygyna garamazdan maşga agzalaryna, aýratynam ÝB-de ýaşaýan daşary ýurtlular bilen ÝB-ne agza başga ýurtlara syýahat etme hukugy bolanlara berilýär.

Sanjym şahadatnamasy ÝB-ne agza ähli ýurtlar bilen birlikde Izlandiýada, Lihtenştaýnda, Norwegiýada we Şweýsariýada ykrar edilýär.



Degişli Habarlar