ABŞ-nyň Goranmak ministri nemes kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi beýanat berdi

1667894
ABŞ-nyň Goranmak ministri nemes kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin we Germaniýanyň Goranmak ministri Annegret Kramp-Karrenbauer, özara duşuşyk geçirip ikitaraplaýyn gatnaşyklary we sebitleýin meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 

ABŞ-nyň Goranmak ministrliginden (Pentagon) berilen ýazmaça beýanatda, ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostiniň Germaniýanyň Goranmak ministri Annegret Kramp-Karrenbauer bilen duşuşyk geçirendigi mälim edildi. 

Iki ministriň Germaniýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ele alandyklary bellenen beýanatda: "Ministr Lloýd Ostin we ministr Annegret Kramp-Karrenbauer, 4-nji iýunda geçirilen NATO maslahatynda kabul edilen kararlaryň durmuşa geçirilmegi we şolaryň nähili ýagdaýda durmuşa geçiriljekdigi barada özara pikir alyşdylar" diýip habar berildi. 

Beýanatda ministrleriň ABŞ-Germaniýa harby hyzmatdaşlyk bilen birlikde Hindi-Ýuwaş okean sebitinde ABŞ-Germaniýa hyzmatdaşlygyny özgertmek bilen bagly ikitaraplaýyn berlenligi, taýarlygy we mümkinçilikleri özgertmegiň ähmiýetini belläp geçendikleri mälim edildi. 



Degişli Habarlar