Hindistan, Hytaý Serhedine 50 Müňden Gowrak Esger Ornaşdyrdy

Hindistanyň häzirki wagtda Hytaý serhedinde jemi 450 müňden gowrak esgeri bar

1666325
Hindistan, Hytaý Serhedine 50 Müňden Gowrak Esger Ornaşdyrdy

Hindistan soňky aýlarda Hytaý serhedine 50 müňden gowrak esger ornaşdyrdy.

Merkezi ABŞ-da ýerleşýän Bloombergiň hindistanly 4 ýolbaşça esaslanýan habaryna görä, Hindistan soňky aýlarda ýurduň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän 3 welaýata azyndan 50 müň esger ornaşdyrdy.

Ýolbaşçylar, esgerler bilen birlikde sebite agyr ýaraglaryň we harby uçarlaryň ugradylandygyny nygtaýar.

Hindistanyň häzirki wagtda Hytaý serhedinde jemi 450 müňden gowrak esgeri bar.

Ýolbaşçylar, haýsydyr bir ýalňyş herekediň ýurtlaryň arasynda çaknyşyga sebäp bolup biljekdigi barada duýduryş berýär.

Hindistanyň harby goşunlaryndan heniz mesele hakynda hiç hili resmi beýannama berilmedi.


Etiketkalar: #esger , #Hytaý , #Hindistan

Degişli Habarlar