ABŞ-da 30 Müňden Gowrak Esger Janyna Kast Etdi

ABŞ-da 2001-nji ýyldaky 11-nji senýabr hüjümlerinden bäri 30 müňden gowrak esger öz janyna kast etdi

1663351
ABŞ-da 30 Müňden Gowrak Esger Janyna Kast Etdi

ABŞ-nyň Rod-Aýlend ştatyndaky Brown uniwersitetinden Tomas Howard Suittiň geçiren ylmy barlagynda “Gahrymanlar edarasyndan” alynan maglumatlar seljerildi.

Suitt söweşlerde ölen esgerleriň sanynyň 2007-nji ýyldan bäri azalandygyny, emma öz janyna kast eden esgerleriň sanynyň soňky ýyllarda artandygyny beýan etdi.

Ylmy barlag ABŞ-nyň daşary syýasatynyň agressiw söweş syýasatyny alyp barmagyna, Yragyň we Owganystanyň basylyp alynanmagyna sebäp bolan 11-nji sentýabr hüjümlerinden soň gulluga kabul ediş mahalynda ýa-da gulluga alynandan soň 30,177 esgeriň janyna kast edendigini ýüze çykardy.

Şol möhletde söweşde ölen Amerikan esgerleriniň sany 7,057.

Esgerleriň janyna kast etme sebäpleriniň arasynda agyr harby tälim, trawma, stress, yzgiderli ýaragly bolmak we adaty durmuşa uýgunlaşmakda kynçylyk çekmek görkezilýär.



Degişli Habarlar