Jonson: "Hiç kim Hytaý bilen sowuk söweş islemeýär" diýdi

Boris Jonson, NATO-nyň Liderler maslahatynyň çäginde Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde beýanat berdi

1658113
Jonson: "Hiç kim Hytaý bilen sowuk söweş islemeýär" diýdi

Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson, NATO-ny göz öňünde tutup: "Şu günki gün stoluň başyndaky hiç kimiň Hytaý bilen täze bir sowuk söweşe girmek isleýändigini pikir etmeýärin" diýip belledi. 

Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson, NATO-nyň Liderler maslahatynyň çäginde Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde düýn beren beýanatynda, Gündogar Aziýa milletiniň NATO üçin täze bir strategik pikir ýagdaýyna gelendigini, emma şol bir wagtda gatnaşyk üçin täze bir mümkinçiligiň boljakdygyny mälim etdi. 

Russiýa bilen edilýän gatnaşyklaryň hem üstünde durup geçen Jonson, gatnaşyklaryň özgerjekdiginden hemişe umytly bolandyklary, emma häzirki wagta çenli Beýik Britaniýa taýdan lapykeçlige sezewar galandyklaryny aýan etdi. 



Degişli Habarlar