ABŞ-daky Metjitleriň Sany 10 Ýylda 31 Göterim Artdy

ABŞ-da 2 müň 769 metjit bar

1651520
ABŞ-daky Metjitleriň Sany 10 Ýylda 31 Göterim Artdy

 

ABŞ-da Sosial syýasatlar instituty tarapyndan taýarlanan “2020-njy ýylda ABŞ-daky metjitler” temaly habarnamada soňky 10 ýylda ABŞ-daky metjitleriň sanynyň 31 göterim artandygy nygtaldy.

ABŞ-da 2010-njy ýylda 2 müň 106 metjidiň bardygy hasaba alnypdy.

Şol san 2020-njy ýylda 31 göterim artyp 2 müň 769 metjide ýetdi.

Habarnamada, metjitleriň esasy böleginiň uly şäherlerde ýerleşýändigine üns çekildi.

Nýu-Ýork 275 metjidi bilen ünsleri özüne çekýär.

Habarnamada ýurtda Juma namazyna gidýänleriň sanynyň hem soňky 10 ýylda 16 göterim artandygy bellenildi.


Etiketkalar: #juma namazy , #metjit , #ABŞ

Degişli Habarlar