Hytaý Koronawirus Üçin Howply Bolmagynda Galýar

Koronawirusyň täze görnüşleriniň ýüze çykma ähtimallygy bolan ýerleriň esasy bölegi Hytaýda

1650524
Hytaý Koronawirus Üçin Howply Bolmagynda Galýar

Kaliforniýa Berkeleý uniwersitetiniň, Milanyň Plitehniki uniwersitetiniň we Täze Zelandiýanyň Masseý uniwersitetiniň alymlarynyň bilelikde geçiren ylmy barlagynda Günbatar Ýewropadan Günorta-gündogar Aziýa çenli uzap gidýän sebitdäki ýarganatlaryň tebigy ýaşaýyş ýerleri öwrenildi.

Ylmy barlaga adamlar bilen haýwanlaryň arasyndaky täsir ýetirmeleriň ýygy-ýygydan görülýän ilatly ýerleri bilen ekerançylyk we maldarçylyk zolaklary hem degişli edildi.

Ýarganatlaryn tebigy ýaşaýyş zolaklary bilen şol sebitleriň kesişýän ýerlerini öwrenen alymlar, adamlaryň başda durmagynda beýleki jandarlara hem ýokaşmagy ähtimal hassalyklaryň ýüze çykmagy ähtimal ýerleri kesgitlediler.

Koronawirusyň täze görnüşleriniň ýüze çykmagy ähtimal ýerleriň esasy böleginiň Hytaýda ýerleşýändigini bellige alan alymlar, Ýaponiýada we Demirgazyk Filippinde tokaý bölünmeleri görülen käbir ýerleriň howp astyndadygyna ünsi çekdiler.

Alymlar, aýratynam Taýlandda we Hindi Hytaýy sebitindäki maldarçylyk hojalyklarynyň sanynyň artmagynyň hassalygyň ýüze çykmagyna sebäp boljakdygyny duýdurdylar.

Maldarçylygyň aşa köpelmegine alada bildiren alymlar, ýokanç kesellerden goragsyz bolan, genetiki taýdan birmeňzeş we umuman immuniteti ejizledilen uly haýwan görnüşleriniň bir ýerde ýaşamagynyň uly wehimleri ýüze çykarýandygyny nygtadylar.

 



Degişli Habarlar