Maduro Kolumbiýadaky protestler bilen bagly beýanat berdi

Wenesuelanyň Döwlet baştutany Nikolas Maduro, Kolumbiýada 28-nji aprelden bäri dowam edýän hökümete garşy protestlerde ýogalan adamlar sebäpli halkara töwereklere nägilelik bildirdi

1649647
Maduro Kolumbiýadaky protestler bilen bagly beýanat berdi

Wenesuelanyň Döwlet baştutany Nikolas Maduro, döwlet telewideniýesine beren beýanatynda, Kolumbiýanyň halkynyň protestlerde gyrgynçylyga sezewar galýandygyny belläp: "Kolumbiýanyň halky ýetim bir halkdyr, 13 ýaş atylyp öldürildi, 200-den gowrak adam dereksiz ýitdi, käbir adamlaryň jesetleri derýalaryň kenarynda tapyldy" diýip habar berdi. 

Halkara jemgyýetden Kolumbiýanyň halkynyň ýaşaýyş hukugy, parahatçylyk we demokratiýa islegine hormat goýulmagyny islän Maduro, howpsuzlyk güýçleriniň demonstrasiýalarda aşa güýç ulanandygyny belläp, Kolumbiýanyň Döwlet baştutany Iwan Dukeni tankyt etdi. 

BMG-nyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissary Mişel Baçeletiň ýogalan protestçiler bilen baglanşykly beýanatynyň ýeterlik derejede bolmandygyny aýdan Maduro: "Bu tragediýanyň sebäp bolan ejir we ezýet barada bolsa hiç zat aýtmady" diýip mälim etdi. 

Ýurtda garaşsyz Raýat jemgyýeti guramasy tarapyndan berilen habara görä, 33 gün ozal milli iş taşlaýyş bilen başlan salgyt reformasyna garşy demonstrasiýalarda 54 adam ýogaldy, 1500-den gowrak adam bolsa ýaralandy. 

Kolumboýanyň Ombudsmen ofisi bolsa ýogalanlaryň sanyny 48 hökmünde aýan edipdi. 



Degişli Habarlar