Nigeriýada terror guramasy Boko Harama garşy operasiýa geçirildi

Nigeriýada terror guramasy Boko Harama garşy geçirilen operasiýada guramanyň 10 agzasy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1648505
Nigeriýada terror guramasy Boko Harama garşy operasiýa geçirildi

Nigeriýanyň goşunynyň metbugat sekretary Muhammed Ýerima, goşunyň Borno ştatynyň Ran sebitinde Boko Haramyň hüjüminiň öňüni alandygyny habar berdi. 

Hüjümden soň geçirilen operasiýada 10 terrorçynyň öldürilendigini aýdan Ýerima, köp sanda terrorçynyň bolsa ýaraly ýagdaýda gaçandygyny aýan etdi. 

Ýerima terrorçylara degişli köp mukdarda ýaragyň we ok-däriniň ele salynandygyny beýan etdi. 


Etiketkalar: #Boko Haram , #Nigeriýa

Degişli Habarlar