Ysraýylly esgerler 23 palestinalyny göz tussaglygyna aldylar

Ysraýylly esgerler basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada 23 palestinalyny göz tussaglygyna aldylar

1644135
Ysraýylly esgerler 23 palestinalyny göz tussaglygyna aldylar

Palestinanyň Ýesirler jemgyýetinden berilen ýazmaça beýanata görä, Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri düýn gije Günbatar Şerianyň tapawutly ýerlerinde operasiýalar geçirdiler. 

Ysraýylly esgerler şol operasiýalaryň barşynda 23 palestinalyny göz tussaglygyna aldylar. 

Palestinanyň Ýesirler jemgyýeti 19-njy maýda beren beýanatynda, soňky günlerde başdan geçirilen wakalarda Ysraýylyň raýatlary bolan palestinalylar bilen birlikde 1 müň 800-den gowrak palestinalynyň göz tussaglygyna alynandygyny habar beripdi. 

Jemgyýet düýn beren beýanatynda bolsa esasan hem Günbatar Şeriadaky göz tussaglygy merkezleriniň palestinalylardan dolandygyny aýan edipdi. 

Basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada we Gündogar Iýerusalimde ýygy-ýygydan öýlere girýän Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri, tapawutly bahanalar bilen palestinalylary göz tussaglygyna alýar. 



Degişli Habarlar