Hytaý, Palestina 1 Million Dollarlyk Gyssagly Kömek Berer

Hytaý mundan başgada Palestina 200 müň dozalyk Kovid-19 sanjymyny berer

1643374
Hytaý, Palestina 1 Million Dollarlyk Gyssagly Kömek Berer

 

Hytaý, 10-njy maýdan bäri Ysraýylyň guraýan hüjümleri sebäpli uly ýitgi çeken Palestinalylara gyssagly kömek berer.

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Sao, paýtagt Pekinde beren beýannamasynda, Resmi Pekiniň palestinalylara 1 million dollarlyk gyssagly kömek we BMG-nyň Ýakyn gündogardaky palestinaly bosgunlar üçin ýardam gullugy UNRWA hem 1 million dollarlyk kömek berjekdigini mälim etdi.

Sao, mundan başgada Palestina 200 müň dozalyk Kowvid-19 sanjymyny ugratjakdyklaryny belledi.

Ysraýylyň 10-njy maýdan bäri Gaza guran hüjümlerinde 66 sanysy çaga, 39 sanysy zenan 243 palestinaly ýogaldy.


Etiketkalar: #kömek , #Kovid-19 , #Palestina , #Hytaý

Degişli Habarlar