Katar, Ysraýylyň Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetine Guran Hüjümini Berk Ýazgardy

Gazada ýerleşýän Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň merkezi binasynyň bombalanmagy berk ýazgaryldy

1641308
Katar, Ysraýylyň Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetine Guran Hüjümini Berk Ýazgardy

Katar, Ysraýylyň basyp alyşlygy astyndaky Gazada ýerleşýän Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň merkezi binasynyň bombalanmagyny berk ýazgardy.

Kataryň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Gazada ynsanperwer kömek guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň nyşana alynmagynyň halkara hukugyna bap gelmeýändigi nygtaldy.

Beýannamada “Halkara jemgyýetçiligine hyýanatçylykly hüjümleri ýazgarmaklary we asuda ilatyň, žurnalistleriň we ynsanperwer kömek guramalarynyň meýletinleriniň goralmagy üçin çagyryş berýäris” diýildi.

Beýannamada Kataryň Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň Gazadaky merkeziniň bombalanmagy berk ýazgarldy we Gazada Al Žazeera telewideniýesi bilen birlikde birnäçe telewideniýe kanalynyň merkeziniň ýerleşýän ýeri bolan Jela atly 13 gatly binanyň bombalanandygy ýatladyldy.

Beýannamada, Kataryň palestinaly doganlaryna goldaw bermäge dowam etjekdigi ýatladyldy.

Ysraýylyň 10-njy maýdan bäri gabaw astyndaky Gaza guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 61-i çaga 212 adama ýetdi. Hüjümlerde 1400-den gowrak adam hem ýaralandy.



Degişli Habarlar