ABŞ Bosgun Kwotasyny 62,5 Müňe Göterdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Trampyň 2021-nji maliýe ýyly üçin kesgitlän 15 müň bosgun kwotasyny 62,5 müňe göterdi

1633355
ABŞ Bosgun Kwotasyny 62,5 Müňe Göterdi

Baýden Trampyň döwründe ýurduň taryhynyň iň aşak çägine düşürilen bosgun kabul ediş kwotasy hakynda ýazmaça beýannama berdi.

2021-nji maliýe ýyly üçin bosgun kabuş ediş kwotasyny 62,5 müňe göterendiklerini beýan eden Baýden; “Taryhy taýdan iň aşak çäkde bolan 15 müň adamlyk kwota, Amerikanyň millet hökmünde bosgunlary kabul edip, olary goldaýandygy hakykatyna gelişmeýärdi” diýdi.

Jo Baýden aýratynam 2022-nji maliýe ýyly üçin kwotany 125 müne götermegi maksat edinýändiklerini nygtady.



Degişli Habarlar