Owganystanda Jümbüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary öldürildi

Owganystanyň demirgazyk-gündogarynda meşhur serkerdeleriň biri bolan we Jümbüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary wezipesini ýerine ýetiren Pirim Kul Ziýaýi bombaly hüjümde öldürildi

1632724
Owganystanda Jümbüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary öldürildi

Tahar welaýatynyň Içeri işler müdürliginiň metbugat sekretary Halil Esir, Jümbüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary Pirim Kul Ziýaýiniň, Tahar welaýatynyň Rustak etrabynyň Girdab obasynda bombaly hüjümde ýogalandygyny habar berdi. 

Ziýaýiniň ady agzalan obada Talibana garşy operasiýa geçirendigini aýdan Esir, hüjümiň nähili guralandygyny bolsa entek bilmeýändiklerini mälim etdi.

Esir hüjümde şeýle hem Ziýaýiniň 2 goragçysynyň hem ýaralanandygyny aýan etdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok. 



Degişli Habarlar