“Hytaýyň Agressiw Çemeleşmeleri Artdy”

ABŞ-nyň döwlet Sekretary Entoni Blinken Hytaýyň agressiw çemeleşmeleriniň artandygyny aýtdy

1632872
“Hytaýyň Agressiw Çemeleşmeleri Artdy”

Blinken ABŞ-nyň “JBS” teleýaýlymynda berilen interwýusynda Waşington-Pekin gatnaşyklary boýunça garaýyşlaryny beýan etdi.

ABŞ-nyň Hytaýy basyş astyna almak islemeýändigini, emma kanunlara esaslanýan halkara ulgama zyýan ýetirmegine hem ýol bermejekdigini aýdan Blinken, harby taýdan çaknyşmagyň iki ýurt üçin hem bähbitli bolmajakdygyny nygtady.

Blinken ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen Hytaýyň döwlet Başlygy Si Szinpiniň fewral aýynda geçiren iki sagatlyk telefon arkaly söhbetdeşliginde ençeme meseläni ele alandyklaryny beýan etdi.

“BAýden Hytaýyň ykdysady pudakdaky we awtorlyk hukugy boýunça ogurlyklaryny hem öz içine alýan ençeme pudakda alyp barýan işlerine uly alada bildirýändigini aç-açan beýan etdi” diýen Blinken, ABŞ-nyň Hytaý bilen gyzyklanman bilmejekdigini hem aýtdy.



Degişli Habarlar