Hytaý, Kovid-19-a Garşy Göreşde Hindistana Goldaw Bermäge Dowam Eder

Hindistana wirusa ýoluganlaryň sany soňky bir hepdeden bäri günde ortaça 300 müň adamdan geçýär

1631807
Hytaý, Kovid-19-a Garşy Göreşde Hindistana Goldaw Bermäge Dowam Eder

 

Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Si Szinpin, täze görnüş koronawirusa ýolukýanlaryň sanynyň gün saýyn artýandygy sebäpli Hindistana goldaw bermäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, döwlet Ýolbaşçysy Si, Hindistanyň Premýer ministri Nerandra Moda ugradan duýgudaşlyk ýüzlenmesinde epidemiýanyň has agyrlaşmagyna uly gynanç bildirýändigini nygtady.

Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Wang Wynbin bolsa, Hindistana ugradylan dem alyş enjamlarynyň ýurda barandygyny nygtady.

Wang, 5 müň dem alyş enjamy bilen birlikde 3,8 tonna medisina enjamyndan we dermandan ybarat kömegiň Hindistana tarap ýola çykandygyny belledi.

Hindistana wirusa ýoluganlaryň sany soňky bir hepdeden bäri günde ortaça 300 müň adamdan geçýär we ýurduň saglygy goraýyş ulgamy uly kynçylygy başdan geçirýär.



Degişli Habarlar