ABŞ Russiýa duýduryş berdi...

ABŞ-dan Russiýa duýduryş: "Nawalnyý ýogalsa netijesi bolar" diýdi

1623645
ABŞ Russiýa duýduryş berdi...

ABŞ rus oppozisioner lider Alekseý Nawalnyýnyň tussaghanada bolan mahaly ýogalan halatynda munyň Moskwa garşy netijeleriniň boljakdygyny habar berdi. 

Ak Tamyň Milli howpsuzlyk maslahatçysy Jeýk Salliwan, telewideniýe kanallaryň birinde ABŞ-Russiýa gatnaşyklary we Alekseý Nawalnyýnyň ýagdaýy barada beýanat berdi. 

Salliwan, rus oppozisioner Nawalnyýnyň saglyk ýagdaýynyň erbetleşmegi bilen baglanşykly soňky hadysalara ýakyndan gözegçilik edýändiklerini belläp: "Jenap Nawalnyý tussaghanada bolan mahaly başyndan geçirjek zatlardan özleriniň jogapkär boljakdygyny Russiýanyň hökümetine ýetirdik we Russiýa halkara jemgyýet tarapyndan jogapkär hökmünde garalar" diýip habar berdi. 

"Eger jenap Nawalnyý ýogalsa onuň netijeleriniň boljakdygyny özlerine aýtdyk" diýip bellän Salliwan, Moskwa garşy nähili ädimler edip biljekdiklerini häzirki wagtda halka aýan etmejekdiklerini, emma şolar ýaly ýagdaý bolan halatynda onuň anyk ýagdaýda durmuşa geçiriljekdigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar