Mýanmada ýurdyň goşuny bilen etnik ýaragly toparyň arasynda çaknyşyk boldy

Ýurtdaky protestlerde, howpsuzlyk güýçleriniň aşa güýç ulanmagy netijesinde ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 2 adamlyk artyş bilen 730 adama ýetdi

1623367
Mýanmada ýurdyň goşuny bilen etnik ýaragly toparyň arasynda çaknyşyk boldy

Mýanmada harby agdarlyşyk arkaly ýurdyň häkimiýetini ele geçiren goşun bilen harby agrdalyşyga garşy bolýan etnik ýaragly topar bolan Kaçin garaşsyzlyk goşunynyň (KIA) arasynda ýüze çykan çaknyşykda, Mýanmanyň goşunyndan 5 esger öldürildi. 

Ýurdyň demirgazygyndaky Kaçin welaýatynyň Sumprabum etrabynda 16-njy aprelde gije we düýn irden hem dowam eden Mýanmanyň goşuny bilen Kaçin garaşsyzlyk goşunynyň arasynda ýargly çaknyşyklar başdan geçirildi. 

KIA-nyň metbugat sekretary çaknyşyk zolagynda Mýanmanyň goşunyndan 30 esgeriň bardygyny we 5 esgeriň öldürilendigini habar berdi, etnik ýaragly toparynyň adam ýitgileri barada bolsa maglumat bermedi. 

Mýanmadaky 20 etnik ýaragly toparyň biri bolan Kaçin garaşsyzlyk goşuny, harby agdarlyşyga garşy çykypdy we Mýanmanyň goşunyna garşy protestçileri gorajakdygyny habar beripdi. 

Beýleki tarapdan bolsa harby agdarlyşyga garşy geçirilen protestlerde, howpsuzlyk güýçleriniň aşa güýç ulanmagy netijesinde ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 2 adamlyk artyş bilen 730 adama ýetdi. 

3 müň 152 adam harby agdarlyşygyň başdan geçirilen gününden bäri göz tussaglygynda saklanýan bolsa, ýene-de 871 adamyň bolsa göz tussaglygyna alynmagy barada karar kabul edildi. 



Degişli Habarlar