Siriýada 9 Ýylda 81 Müň 916 Gezek Barrel Bombasy Ulanyldy

Şol hüjümlerde 1821-i çaga, 1780-y zenan bolmak bilen jemi 11 müň 87 adam ýogaldy

1622555
Siriýada 9 Ýylda 81 Müň 916 Gezek Barrel Bombasy Ulanyldy

 

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçler ýurduň çar tarapynda oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky ýerlere soňky 9 ýylda guran hüjümlerinde 81 müň 916 gezek barrel bombasyny ulandy.

Siriýa Adam hukuklary guramasy, Asada tabynlykdaky güýçleriň 2012-nji ýylyň iýul aýyndan 2021-nji ýyla çenli barrel bombasy bilen guran hüjümleri hakynda ýörite habarnama taýarlady.

Habarnama görä, Asada tabynlykdaky güýçler ýurduň çar tarapynda oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky ýerlere soňky 9 ýylda guran hüjümlerinde 81 müň 916 gezek barrel bombasyny ulandy.

Şol hüjümlerde 1821-i çaga, 1780-y zenan bolmak bilen jemi 11 müň 87 adam ýogaldy.

Habarnamada, Asada tabynlykdaky güýçleriň barrel bombalaryny asuda ilatyň ýerini terk etmegi üçin ulanýandygy nygtaldy.

Asada tabynlykdaky güýçleriň we tarapdarlarynyň hüjümleri sebäpli asuda ilatdan millionlarça adamyň ýerini terk edendigi bellenildi.



Degişli Habarlar