Baýden Ilkinji Özara Duşuşygyny Ýoşihide Bilen Geçirdi

Baýden bilen Ýoşihide duşuşykdan soň Ak Tamda metbugata beýannama berdi

1622996
Baýden Ilkinji Özara Duşuşygyny Ýoşihide Bilen Geçirdi

 

2021-nji ýylyň 20-njy ýanwarynda ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine başlan Jo Baýden ilkinji özara duşuşygyny Ak Tamda Ýaponiýanyň Premýer ministri Suga Ýoşihide bilen geçirdi.

Baýden bilen Ýoşihide duşuşykdan soň Ak Tamda metbugata beýannama berdi.

Duşuşykda özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşandyklaryny nygtan Baýden, “Hytaý we Demirgazyk Koreýa meselesinde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek babatynda ylalaşyk gazandyk” diýdi.

Baýden “Hindi okeanynda dostlarymyza we goňşylarymyza goldaw bermek üçin elimden geleni ederin” diýdi.

Eýran meselesi hakynda hem durup geçen Baýden “Eýranyň urany 60 göterim baýlaşdyrmagyny islemeýäris we munyň hiç kime peýdasy ýok. Bu Eýran bilen gazanylan ylalaşyga bap gelmeýär” diýip belledi.



Degişli Habarlar