Baýden Bilen Merkel Ukraina Meselesi Hakynda Pikir Alyşdy

ABŞ bilen Germaniýa Ukrainanyň özygtyýarlygyna we territorial bitewiligine goldaw berýär

1621692
Baýden Bilen Merkel Ukraina Meselesi Hakynda Pikir Alyşdy

Ak Tamdan berlen ýazmaça beýannamada, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi nygtaldy.

Beýannamada, özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşan Baýden bilen Merkeliň, Kovid-19-a garşy göreş, global saglygy goraýyş ulgamynyň güýçlendirilmegi, howa çalşygy ýaly meselelerde ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi barada ylalaşyk gazanandygy nygtaldy.

Beýannamada “Iki lider, Russiýanyň Ukraina serhedindäki we basyp alyşlygy astyndaky Krymdaky harby hereketliligine alada bildirýär. Baýden bilen Merkel Ukrainanyň özygtyýarlygyna we territorial bitewiligine ýene-de bir gezek goldaw berdi” diýildi.

Beýannamada, Baýdeniň, Merkele, NATO-nyň Owganystandaky harby güýçlerine berýän goldawlary üçin sagbolsun aýdandygy bellenildi we iki lideriň  Owganystanda parahatçylygyň ýola goýulmagy baradaky tagallara goldaw bermäge dowam etjekdigi ýatladyldy.



Degişli Habarlar