“Ukraina Bilen Ýakyndan Aragatnaşyk Saklaýarys”

“Sebitde başdan geçirilýän wakalara alada bildirýäris. Hepdäniň ahyrynda rus güýçleriniň sebitdäki harby hereketliligini gördük”

1619955
“Ukraina Bilen Ýakyndan Aragatnaşyk Saklaýarys”

 

ABŞ, Ukraina-Russiýa serhedinde başdan geçirilýän dartgynlyk meselesinde ukrainaly ýolbaşçylar bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýandyklaryny mälim etdi.

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Psaki, Ak Tamda metbugata beren beýannamasynda, Russiýanyň Ukraina serhedinäki esger sanyny artdyrmagy meselesinde durup geçdi.

Psaki “Sebitde başdan geçirilýän wakalara alada bildirýäris. Hepdäniň ahyrynda rus güýçleriniň sebitdäki harby hereketliligini gördük” diýdi.

Psaki, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entono Blinken bilen Goranmak ministri Lloýd Ostiniň hepdäniň dowamynda Belgiýanyň paýtagty Brýussele gurajak saparynyň çäginde NATO agza ýurtlar bilen mesele hakynda pikir alyşjakdyklaryny nygtady.

Psaki “Şol bir wagtda ukrainaly ýolbaşçylar bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýarys” diýip belledi.



Degişli Habarlar