ABŞ-da iki dogan öz maşgalalarynyň agzalaryny öldürenlerinden soň, öz janlaryna kast etdiler

ABŞ-nyň Tehas ştatynda iki dogan elhenç bir meýilnama düzdiler, Iki dogan ilki bilen öz maşgalalarynyň agzalaryny öldüreninden soň, soň bolsa öz janlaryna kast etdiler

1615627
ABŞ-da iki dogan öz maşgalalarynyň agzalaryny öldürenlerinden soň, öz janlaryna kast etdiler

Tehas ştatynyň Dallas şäherinde polisiýa gullugynyň işgärleri öýleriň birinde 6 adamyň jesedini tapdylar. Ýogalan adamlaryň ählisiniň şol bir maşgalanyň agzalarydygy anyklandy. 

Polisiýa gullugy, ýogalanlaryň şahsyýetlerini aýan etmedi: emma ýogalanlaryň arasynda iki erkek doganyň, bir gyz jigileriniň, ejeleriniň, kakalarynyň we eneleriniň bardygyny habar berdiler. 

Iki erkek doganyň öz aralarynda meýilnama düzüp, ilki bilen öz maşgalalarynyň agzalaryny öldürip, soň bolsa öz janlaryna kast edendikleri mälim edildi. 

Erkek doganlaryň biriniň sosial mediada jenaýat we öz janyňa kast etmek meýilnamasy bilen bagly wideo ýazgy paýlaşandygy aýan edildi. 

Geçen hepdäniň ahyrynda başdan geçirilendigi çak edilýän wakada polisiýa gullugynyň işgärleri, ýogalan iň ýaş adamyň 19 ýaşynda bolandygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar