Dmitro Kuleba Bilen Borrel Russiýanyň Ukraina Serhedindäki Harby Hereketliligi Hakynda Pikir Alyşdy
ÝB, Ukrainanyň özygtyýarlygyna we territorial bitewiligine goldaw berýär
Ukainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba, ÝB-niň Howpsyzlykdan we daşarky syýasatdan jogapkär ýokary wekili Žozep Borrel bilen Russiýanyň Ukraina serhedindäki harby hereketliligi hakynda pikir alyşdy.
Kuleba, Twitterden beren habarnamasynda Borrel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini we Russiýanyň serhetdäki harby hereketliligi dartgynlygy hakynda pikir alyşandygyny nygtady.
Borreliň ÝB-niň Ukrainanyň özygtyýarlygyna we territorial bitewiligine goldaw berýändigine ünsi çeken Kuleba, Borreliň özüni 19-njy aprelde geçiriljek ÝB-niň Daşary işler geňeşiniň maslahatyna çagyrandygyny ýatlatdy.
Ukrainanyň Baş ştabynyň başlygy Ruslan Homçak, 30-njy martda mejlisde eden çykyşynda, rus ýaragly güýçleriniň harby türgenleşik bahanasy bilen Ukraina serhedine esger ornaşdyrýandygyny aýdypdy.
Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow hem Russiýanyň öz territoriasynda ýaragly güýçlerini öz islegine görä hereket etdirýändigini we munyň hiçbir ýurt üçin howply bolmandygyny belläpdi.
Degişli Habarlar
Eýran Täze Prezidentini Saýlamak Üçin 28-nji Iýunda Saýlaw Geçirer
Bu barasynda Eýranyň resmi habarlar gullugy IRNA habar berdi.
Owganystanda Syýahatçylara Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DEAŞ Öz Üstüne Aldy
Hüjümde 3-i Ispaniýanyň, 3-i hem Owganystanyň raýaty bolan 6 adam ýogalypdy.