Somalide Iki Harby Merkez Nyşana Alyndy

Hüjümlerde ýogalanyň ýada ýaralananyň bolup bolmandygy hakynda maglumat berilmedi

1613984
Somalide Iki Harby Merkez Nyşana Alyndy

 

Somalide terror guramasy Aş Şebab tarapyndan iki harby merkeze hüjüm guraldy.

Paýtagt Mogadişunyň 100 kilometr günortagünbatarynda guralan hüjümlerde ýogalanyň ýada ýaralananyň bolup bolmandygy hakynda maglumat berilmedi.

Terror guramasy Aş Şebab 25-nji martda paýtagt Mogadişuda guran hüjümde BMG-na we Afirka bileleşigine degişli binalary nyşana alypdy.

Şol hüjümlerde asuda ilatdan 3 adam ýogalypdy, 5 adam hem ýaralanypdy.



Degişli Habarlar