Owganystanda harby dikuçar heläkçilige uçrady
Beýanatda wakada 3 howpsuzlyk gullukçysynyň ýogalandygyny habar berildi
1612997
Owganystanyň Helmand welaýatynda harby dikuçaryň tehniki näsazlyk sebäpli heläkçilige uçramagy netijesinde 3 howpsuzlyk gullukçysy ýogaldy.
Owganystanyň Goranmak ministrligi, Helmand welaýatynyň Nahri Siraj etrabynda Black Hawk kysymly harby dikuçaryň tehniki näsazlyk sebäpli heläkçilige uçrandygyny mälim etdi.
Beýanatda wakada 3 howpsuzlyk gullukçysynyň ýogalandygyny habar berildi.
Taliban bolsa dikuçarlaryň özleri tarapyndan od açylyp ýere gaçyrylandygyny öňe sürdi.
Degişli Habarlar
Owganystanda Syýahatçylara Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DEAŞ Öz Üstüne Aldy
Hüjümde 3-i Ispaniýanyň, 3-i hem Owganystanyň raýaty bolan 6 adam ýogalypdy.