Wengriýada Ýene-de 2 Sanjymyň Ulanylmagy Tassyklandy

Wengriýa, Hytaýdan 5 million, Russiýadan hem 2 million doza Kovid-19 sanjymyny almak üçin şertnama baglaşypdy

1606251
Wengriýada Ýene-de 2 Sanjymyň Ulanylmagy Tassyklandy

Wengriýanyň Saglygy Goraýyş müdüri Sesilia Müller, ýurtda koronawirusa garşy öndürlen CanSino we CowiShield sanjymlarynyň ulanylmagynyň tassyklanandygyny aýtdy.

Müller, ýurtdaky degişli guramalar tarapyndan kabul edilen karar bilen Hindistanda Serum instituty tarapyndan CowiShiel ady bilen öndürlen AstraZenecanyň sanjymy bilen birlikde Hytaýyň CanSino sanjymyň Wengriýa getirlip bilinjekdigini aýtdy.

Müller, ýurtda epidemiýada üçünji tolkunyň başdan geçirilýändigini we şu günki güne çenli wengerleriň 16 göterimine sanjym edilendigini ýatlatdy.

ÝB-ne agza ýurtlaryň arasynda ilkinji bolup Russiýa we Hytaý bilen sanjym almak üçin şertnama baglaşan Wengriýa, Pfizer, Moderna, AstraZeneca, Sputnik W we Sinopharm sanjymlarynyň ulanylmagyny tassyklapdy.

Wengriýa, Hytaýdan 5 million, Russiýadan hem 2 million doza Kovid-19 sanjymyny almak üçin şertnama baglaşypdy.


Etiketkalar: #Kovid-19 , #sanjym , #Wengriýa

Degişli Habarlar