Mýanmada Harby Agdarlyşyga Garşy Geçirilýän Ýörişlerde Ýogalanlaryň Sany 149 Adama Ýetdi

Mýanmalylar 6-njyy fewralda harby agdarlyşyga garşy ýöriş geçirmäge başlapdy.

1602758
Mýanmada Harby Agdarlyşyga Garşy Geçirilýän Ýörişlerde Ýogalanlaryň Sany 149 Adama Ýetdi

 

Mýanmada harby agdarlyşyga garşy 1-nji fewraldan bäri geçirilýän protest ýörişlerinde ýogalanlaryň sany 149 adama ýetdi.

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Stefan Dužarriç, gündelik metbugat ýygnagynda, Mýanmada harby agdarlylykdan bäri 2 müňden gowrak adamyň saklanandygyny aýtdy.

Mýanmada başdan geçirilýän soňky wakalaryň özlerini biynjalyk edýändigini aýdan Dužarriç, 1-nji fewraldan bäri geçirilýän protest ýörişlerinde ýogalanlaryň sanynyň 149 adama ýetendigini belledi.

Mýanmanyň goşununyň protestçylara garşy aşa güýç ulanmagyna alada bildirýändiklerini nygtan Dužarriç, halkara jemgyýetçiligine Mýanmada demokratiýanyň ýaňadandan ýola goýulmagyna goldaw bemekleri üçin çagyryş berdi.

Mýanmanyň harby goşuny, özüne ýakyn syýasy töwerekleriň 2020-njy ýylyň 8-nji noýabrynda geçirlen saýlawlarda galplyk edilendigi hakyndaky garaýyşlaryndan we ýurtda syýasy dartgynlygyň möwjemeginden soň 1-nji fewralda häkimiýeti ele geçiripdi.

Mýanmalylar 6-njyy fewralda harby agdarlyşyga garşy ýöriş geçirmäge başlapdy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar