Ukraina, Hytaýda Öndürlen Kovid-19 Sanjymynyň Ulanylmagyny Tassyklady
Ukraina 24-nji fewrlada AstraZeneca firmasynyň öndüren Kovid-19 sanjymy bilen sanjym tapgyryna başlapdy
1598634
Ukrainada, merkezi Hytaýda ýerleşýän Sinovak firmasy tarapyndan öndürlen Kovid-19 sanjymynyň adatdan daşary ýagdaýda ulanylmagy tassyklandy.
Saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Igor Iwaşenko mesele hakyndaky habarnamasynda, ýurtda AstraZeneca we Pfizer firmalaryndan soň Sinovak firmasy tarapyndan öndürlen Kovid-19 sanjymynyň ulanylmagyna rugsat berlendigini aýtdy.
Ukraina 24-nji fewrlada AstraZeneca firmasynyň öndüren Kovid-19 sanjymy bilen sanjym tapgyryna başlapdy.
Ukraina 2020-njy ýylyň dekabr aýynda hem Sinovak firmasyndan 1,9 million doza sanjym almak üçin şertnama baglaşypdy.
Degişli Habarlar
Ispaniýa, Palestin Döwletini Ykrar Etdi
Irlandiýanyň hem şu gün Palestin döwletini ykrar etmegine garaşylýar.