“Türkiýeden Parahatçylyk Gepleşiklerine Ýer Eýeçiligini Etmegini Isläris”

Blinken, Türkiýeden, parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagy üçin geçirilýän gepleşiklere ýer eýeçiligini etmegini islejekdiklerini aýtdy.

1596951
“Türkiýeden Parahatçylyk Gepleşiklerine Ýer Eýeçiligini Etmegini Isläris”

 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Türkiýeden, parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagy üçin geçirilýän gepleşiklere ýer eýeçiligini etmegini islejekdiklerini aýtdy.

Blinken, Owganystanyň Prezidenti Muhhamed Eşref Gana we Owganystanyň Milli ylalaşyk geňeşiniň başlygy Abdullah Abdullaha parahatçylyk gepleşikleri üçin hat ýazdy.

Blinken owgan liderlere ýazan hatynda “Türkiýeden ýakynda parahatçylyk gepleşiklerine ýer eýeçiligini etmegini isläris” diýdi.

Blinken hatynda ABŞ-nyň 1-nji maýa çenli Owganystandan dolulygyna çekilmegi meýilleşdirýändigini nygtady we şondan soň owgan güýçlerine maliýe taýdan goldaw bermäge dowam etjekdiklerini emma ýurduň howpsyzlygyna alada bildirýändiklerini belledi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken, Prezident Jo Baýdeniň Owganystanyň Prezidenti Muhhamed Eşref Ganiden we Owganystanyň Milli ylalaşyk geňeşiniň başlygy Abdullah Abdullahdan parahatçylyk gepleşikleri meselesinde gyssanmaklaryny isleýändigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar