Ysraýylyň Goşuny Eýranyň Ýadro Desgalary Boýunça Meýilnamasyny Aktullaşdyrdy

Ysraýylyň harby goşunlarynyň Eýranyň ýadro desgalaryny bombalamak boýunça meýilnamalaryny aktuallaşdyrandygy habar berildi

1595898
Ysraýylyň Goşuny Eýranyň Ýadro Desgalary Boýunça Meýilnamasyny Aktullaşdyrdy

Ysraýylyň Goranmak ministri Benni Gants media beren interwýusynda Eýranyň ýadro maksatnamasy we Liwan Hizbullahy hakynda beýannama berdi.

Eýranyň ýadro desgalaryny bombalamak boýunça harby meýilnamalaryň hüjümiň öňüsyrasyna çenli konkretleşdirilmejekdigini beýan eden Gants: “Şoňa çenli meýilnamalary taýarlamaga, kämilleşdirmäge, mümkin gadar iň hünärmen derejä götermäge dowam ederis” diýdi.

Dünýäniň Eýranyň ýadro maksatnamasynyň öňüni almagynyň gowy boljakdygyny nygtan Gants, eger şeýle bolman halatynda Ysraýylyň özbaşdak hereket edip, özüni goramaly boljakdygyny aýtdy.

Hizbullahyn elinde ýüzlerçe mün raketanyň bardygyny beýan eden Gants, media Hizbullahyn pozisiýalarynyň kartasyny görkezdi.



Degişli Habarlar