Papa Fransisk Ur Häherine Bardy
Ur şäherinde Papany, musulman we hrystiýan din adamlary garşylady.
1596253
Katolikleriň dini lideri Papa Fransisk, Yraga guraýan saparynyň çäginde Hezreti İbrahimiň doglan ýeri bolandygyna ynanylýan Zikar ýagny Nasiriýe welaýatynyň Ur şäherine bardy.
Ur şäherinde Papany, musulman we hrystiýan din adamlary garşylady.
Papanyň ýurduň günortasynda ýerleşýän Ur şäherinde dini çäre geçirmegine garaşylýar.
Yraga guraýan saparynyň çäginde şu gün irden Nejef şäherinde şaýylaryň iň uly dini lideri Ali As Sistany bilen duşuşypdy.
Katolikleriň dini lideri düýn paýtagt Bagdatda Premýer ministr Musta Al Kazymi we Prezident Berhem Salih bilen duşuşypdy.
Degişli Habarlar
Ýaponiýada 6 bal ululygynda ýer titremesi boldy
Ýaponiýanyň Işikawa welaýatynda 6 bal ululygynda bolan ýer titremesinde 5 bina çökdi