Papa Fransisk Yraga Sapar Eder

Katolikleriň ruhany lideri we Watikanyň döwlet Ýolbaşçysy Papa Fransisk mart aýynyň 5-8-i aralygynda Yraga spar gurar

1594122
Papa Fransisk Yraga Sapar Eder

Watikanyň metbugat Sekretary Matteo Bruni geçiren metbugat ýygnagynda bu saparyň papanyň 33-nji daşary ýurt sapary boljakdygyny beýan edip: “Taryhda ilkinji gezek Papalardan biri Yraga gider. Papa şol bir wagtda-da ilkinji gezek ilatynyň esasy bölegi şaýylardan ybarat bolan ýurda gidýär” diýdi.

Saparyň Yrakdaky we sebitdäki hristiýanlar bilen arkalaşyk maksady bilen guralýandygyny, dinara arkalaşyk üçin hem pursat häsýetine eýedigini we sebit ýurtlary üçin hem möhümdigini beýan eden Bruni; “Doganlyk we umyt. Bu iki söz Papanyň Yraga saparyny häsýetlendirmek taýdan möhüm” diýdi.

Watikandan berilen maglumata görä katolikleriň ruhany lideri Yrakda ilki paýtagt Bagdatda duşuşyklar geçirer. Son 6-njy martda Nejef we Ur şäherlerine barar. Papa Ur şäherinde dinara duşuşygyň dowamynda ýezidiler bilen görüşer.

Papa Frankis 7-nji martda Erbile barar. Mosula we Karakuşa barjak Papa 8-nji martda Watikana gaýdar.



Degişli Habarlar