Haja Gitjekler Üçin Kovid-19 Sanjymyny Etdirmek Düzgüni Girizildi

Şol düzgüniň Saud Arabystanynyň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan girizilendigi habar berilýär

1593377
Haja Gitjekler Üçin Kovid-19 Sanjymyny Etdirmek Düzgüni Girizildi

Saud Arabystany şu ýyl haj parazasyny berjaý etjekler üçin koronawirus sanjymyny etdirmek düzgüniniň girizilendigini habar berdi.

Saud Arabystanynyň “Ukaz” gazeti Saglygy goraýyş ministri Tewfik er-Rebianyň ministrligiň resmilerine haja gitmek isleýänlere Kovid-19 sanjymyny etdirmegiň hökmanydygyny, onuň haja barmagyň şertlerinden biri hökmünde girizilen düzgündigini aýdandygyny ýazdy.

Ministri Rebia Mekgedäki, Medinedäki we mukaddes ýerlerdäki saglygy goraýyş desgalarynda işlejek saglygy goraýyş gullukçylaryň üpjün edilmegi üçin taýarlyklaryň görülmegini isledi.

Habarda ministrin hajylar üçin Kovid-19 toparynyň döredilmegi üçin görkezme berendigi beýan edilýär.



Degişli Habarlar