Irlandiýada Kowid-19 çäklendirmelerine garşy geçirilen protestlerde 23 adam göz tussaglygyna alyndy

Irlandiýada koronawirus epidemiýasy sebäpli girizilen çäklendirmelere garşy geçirilen protestlerde 23 adam göz tussaglygyna alyndy

1592357
Irlandiýada Kowid-19 çäklendirmelerine garşy geçirilen protestlerde 23 adam göz tussaglygyna alyndy

Irlandiýada koronawirus epidemiýasy sebäpli girizilen çäklendirmeleri protest eden demonstrantlar bilen polisiýa işgärleriniň arasynda dartgynly pursatlar başdan geçirildi. Wakada 3 polisiýa işgäri ýaralandy, 23 adam göz tussaglygyna alyndy. 

Ozaldan guramaçylyk işlerini geçiren demonstrantlar, ýurdyň paýtagty Dublin şäheriniň merkezindäki seýilgähde bir ýere jemlenmek islediler, emma polisiýa işgärleri olara rugsat bermedi. 

Protest aksiýalar gysga wagtyň içinde zorlukly hadyslara öwrüldi. Polisiýa işgärleri demonstrantlary dürreler bilen dargatmaga synanyşdy. 

Başdan geçirilen hadysalaryň netijesinde 23 adam göz tussaglygyna alyndy, 3 polisiýa işgäri ýaralandy. 

Irlandiýanyň Premýer ministri Maýkl Martin, protest aksiýasyny pandemiýa garşy uly pidakärlik eden adamlara garşy hormatsyzlyk hökmünde häsýetlendirdi. 



Degişli Habarlar