ABŞ-nyň Prezidenti Baýden, Keniýanyň Prezidenti Kenýatta Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Baýden bilen Kenýatta ABŞ bilen Keniýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy

1591343
ABŞ-nyň Prezidenti Baýden, Keniýanyň Prezidenti  Kenýatta Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

 

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Keniýanyň Prezidenti Uhuru Kenýatta bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ak Tamdan berlen beýannamada, Baýden bilen Kenýattanyň telefon söhbetdeşliginde ABŞ bilen Keniýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdygy nygtaldy.

Beýannamada, Jo Baýdeniň telefon söhbetdeşliginde ABŞ bilen Keniýanyň arasyndaky güýçli gatnaşyklaryň ähmiýetine ünsi çekendigi nygtaldy.

ABŞ-nyň sebitara parahatçylygyň we howpsyzlygyň ýola goýulmagy üçin Keniýa bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etjekdigi bellenildi.

Prezident Baýden, Keniýanyň Afrikada terrora we klimat çalşygyna garşy göreşde, ykdysady ösüşiň ýola goýulmagy üçin edýän tagallasyny takdyr edýändigi ýatladyldy.



Degişli Habarlar